Xiaomi we Redmi-niň 9 modeli ýakyn wagtda HyperOS 2-ni alar

  • 15.03.2025 08:05
  • 2.4k+

Xiaomi kompaniýasy ýakyn wagtda – 10 günüň dowamynda - Xiaomi we Redmi brendleriniň 9 sany modeli üçin HyperOS 2 we HyperOS 2.1 täzelenmesini çykarar. Bu barada «Xiaomitime» çeşmesi habar berýär.

Täzelenmäni aljak modelleriň sanawy:

  • Xiaomi 12S Ultra;
  • Redmi K60 Pro;
  • Redmi K60E;
  • Redmi K50 Ultra;
  • Redmi Note 13 Pro+ 5G;
  • Xiaomi 12T;
  • Redmi Note 13 Pro 5G;
  • Xiaomi 11;
  • Xiaomi CIVI 2.

Bu smartfonlaryň hemmesi üçin täzelenme awtomatiki usulda gowşurylar. Beta synag maksatnamasyna gatnaşmagyň zerurlygy barada maglumat berilmeýär, şonuň üçin bu täzelenmäniň soňky durnukly wersiýa bolmagyna garaşylýar. Täze programma üpjünçiligi smartfonlaryň tizligini artdyrar we howpsuzlygyny ýokarlandyrar. Şeýle hem, batareýanyň ömrüni uzaltjak täze algoritmler giriziler, interfeýsiň (menýunyň) hem has amatly boljakdygy aýdylýar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...