Mazda CX-5 2025 tanyşdyryldy – seriýanyň adaty benzinli hereketlendirijili soňky krossoweri

  • 15.03.2025 08:03
  • 2k+

Mazda kompaniýasy 2025-nji ýylyň «CX-5» krossowerini tanyşdyrdy. Täze model iýun aýynda satuwa çykarylar. Bu ulag 2026-njy ýylda gibrid görnüşi çykmazdan öň, häzirki modeliň döwrebaplaşdyrylan soňky model bolup durýar diýip, «Drive» neşiri habar berýär.

Modeliň seriýasyna öňdäki tekerlerden herekete getirilýän «G25 Touring» goşuldy, şeýle-de «G25 Maxx Sport-dan» ähli tekerlerden herekete getirilýän ulgam aýryldy. «Touring» komplektasiýasy indi standart görnüşde uýgunlaşdyrylan faralary, ýoldaky zolagyň içinde saklaýjy funksiýaly kruiz-kontroly we öňdäki parktronikleri (duralga ýerleşdirmäge ýardam berýän sensorlary) öz içine alýar.
Hereketlendirijileri öňküligine galdy: 156 at güýji bolan 2 litrlik, 190 at güýji bolan 2,5 litrlik we 231 at güýji bolan turbo 2,5 litrlik hereketlendirijiler bar. Olaryň hemmesi 6 basgançakly awtomatiki geçiriş gutusy (karobka) bilen hödürlenýär.
Mazda ulaglaryň bahalaryny entek yglan etmedi, ýöne enjamlaşdyrylyşyň giňeldilmegi sebäpli, biraz gymmatlamagy ähtimal. Täzelenen «CX-5» Mazda kompaniýasynyň 2026-njy ýylda doly täze modeli hödürlemezinden öň, gibrid platforma geçişiň soňky ädimi bolar. Täze model «Toyota RAV4», «Hyundai Tucson» we «Kia Sportage» bilen bäsleşer.


04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

19.03.2026 04:19
2.5k+

Mazda täze CX-5 modelini bäş sany gysga metražly film arkaly tanyşdyrdy

Mazda kompaniýasy Demirgazyk Amerikada geçirilen Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymy wagtynda täze CX-5 krossowerini kino treýleri görnüşinde tanyşdyrdy. Bu premýera «5 Sides of the All-New CX-5» («Täze CX-5-iň bäş tarapy») diýlip atlandyryldy...

16.03.2026 09:53
2.7k+

Mazda Ferrari-niň ilkinji elektromobiliniň çykarylmagyna päsgel bermek bilen haýbat atýar

Mazda kompaniýasy Ferrari-niň özüniňki bilen adybir elektromobilini çykarmak meýilnamasyny yglan edeninden bary-ýogy bir aý soň, «Luce» haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin arza berdi. Bu barada Awstraliýanyň «Carexpert» neşiri habar berdi...

18.01.2026 20:16
2.3k+

Mazda Ýewropada MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny bes etdi

Mazda Ýewropa bazarynda MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny resmi taýdan bes etdi. Awtoulagyň doly elektrik nusgasy satuwdan öň aýrylypdy. Indi bolsa iki ýyl mundan ozal hödürlenen rotor ýangyç generatorly nusgasy hem sebitden çykýar...