Türkmenistanda talyplaryň arasynda bedenterbiýe we sport boýunça internet bäsleşigi yglan edildi

  • 15.03.2025 07:26
  • 3.1k+

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty «Ýaşlarymyz geljege uly ynam bilen, sportda ösüşler sanly ulgam bilen» atly V internet bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşige Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň islendik hünärde bilim alýan talyplary gatnaşyp biler.

Bäsleşik bedenterbiýe we sport bilen gyzyklanýan giň dünýägaraýyşly, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.
Internet bäsleşigi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hereket edýän bilim portalynyň, elektron okuw we synag ulgamynyň, resmi web-saýtynyň we milli elektron poçtasynyň üsti bilen geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler baradaky maglumatlar 2025-nji ýylyň 12-nji apreline çenli bellenilen nusga laýyklykda taýýarlanylyp, guramaçylyk toparynyň tdbsi@sanly.tm milli elektron poçtasyna ugradylmagy arkaly hasaba alynýar.
Internet bäsleşiginiň soraglary we jogap kagyzynyň nusgasy 2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde irden sagat 08:00-da Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň elektron salgylarynda ýerleşdiriler.
Bäsleşige gatnaşyjylara bedenterbiýe we sport ugry boýunça düzülen 50 (elli) sany sorag hödürlener. Gatnaşyjylar soraglaryň jogaplaryny ýörite iberilen jogap kagyzynyň elektron görnüşine dolduryp, 17-nji aprelde sagat 23:59-a çenli tdbsi@sanly.tm milli elektron poçtasyna ibermeli. Görkezilen wagtdan soň iberilen işler bäsleşige kabul edilmeýär.
Internet bäsleşiginde üstünlikli çykyş eden talyplar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň I, II, III derejeli diplomlary bilen sylaglanar.
Bäsleşigiň netijeleri Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda we onuň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysynda, «Türkmen sporty» gazetinde çap ediler.
Bäsleşigiň Düzgünnamasy bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.


22.06.2026 17:52
4.5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....