Samsung 6 ýyl Android täzelenmesini alan "Galaxy F16 5G" çykardy

  • 14.03.2025 22:16
  • 3.3k+

Samsung täze Galaxy F16 5G smartfonyny hödürledi. Täze enjam barada «Gizmochina» portaly habar berdi.

Täze model 6,7 dýuýmlyk FHD+ (1080×2340 piksel) çözgütdäki AMOLED ekran, 90 Gs täzeleniş ýygylygy we 800 nit ýagtylyk bilen üpjün edilýär.
Enjam Android 15 esasly One UI 7 interfeýsi bilen gelýär. Samsung 6 ýyl dowamly Android we howpsuzlyk täzelenmelerini üpjün etjekdigini wada berýär.
Enjam Dimensity 6300 prosessory bilen işleýär. Onda 8 GB-a çenli operatiw ýat (RAM) we microSD arkaly giňeldip bolýan 128 GB içerki ýat bar. 5000 mA·sag sygymly batareýasy 25 Wt çalt zarýad alşy goldaýar.
Galaxy F16-nyň öň tarapynda 13 megapiksel kamera ýerleşýär. Yzky kameralar bolsa 50 megapiksel esasy sensor, 5 megapiksel giň burçly modul we 2 megapiksel makrosensor bilen enjamlaşdyrylan.
Smartfon sag tarapynda barmak yzy skaneri bilen üpjün edilen. Ol 5G torynyň 11 diapazonyny goldaýar.
Smartfonyň ölçegleri: 164,4 × 77,9 × 7,9 mm, agramy bolsa 191 gram.
Enjamyň bahasy 130 dollar dollar bolup, satuwyna 13-nji martda Hindistanda başlandy.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...