Adamlaryň taşlan zibilleri Ortaýer deňziniň iň çuň ýerinden hem tapyldy

  • 14.03.2025 21:40
  • 8.7k+

Barlagçylar Ortaýer deňzindäki Kalipso çöketliginiň düýbüne - 5112 metr çuňluga dolandyrylýan apparat bilen düşdüler. Olar çöketlikde bir topar tanyş zatlary görüp, geň galdylar.

Ol ýerde jemi 167 sany zat tapyldy we şolardan 19-sy antropogen (adam gelip çykyşly) bolup çykdy. Olaryň arasynda plastika, aýna, metal we kagyz bardy. Bu çöketlik örän çuň ýerlerde ýüze çykarylan hapalaryň iň ýokary möçberde jemlenen ýerleriniň biri bolup durýar.
Bu açyşy Barselona uniwersitetiniň alymlary, Ýewropa Komissiýasynyň Bilelikdäki gözleg merkezi (JRC), IFREMER fransuz instituty we Caladan Oceanic amerikan kompaniýasy bilelikde ýüze çykardylar. Olar gözlegleriniň netijelerini «ScienceDirect» žurnalynda çap edilen makalada paýlaşdylar.

Zibiller 5 müň metrden hem has çuň ýere, üstesine, kenardan 60 kilometr uzaklyga nädip düşüp bildikä?
Barselona uniwersitetiniň Ýer hakyndaky ylymlar fakultetinden Mikel Kanalsyň pikirine görä, zibiller ummanlaryň akymlary bilen gelen bolmaly ýa-da gämilerden zyňlan bolmaly. Hapalaryň ýygnanmagyna gowşak akymlar we girdaplar hem täsir edip bilýär.
Bellenilmegine görä, alymlar bu sebitdäki deňiz ösümliklerine we haýwanlaryna ýaramaz täsir edýän faktorlary ýüze çykarmandyrlar. Hatda düşürilen suratlarda diňe balygyň bir görnüşini, şeýle-de ragyň bir görnüşini görmek bolýar. Emma biologik köpdürlüligiň ýokary ýerlerinde, zibilleriň haýwanlar tarapyndan iýilmegi, ýalňyşlyk bilen ýuwudylmagy, öý hökmünde ulanylmagy ýa-da olara ýumurtga taşlanylmagy ähtimal.
Ortaýer deňzi köp ýyllardan bäri hapalanmadan ejir çekip gelýär. 2021-nji ýylda geçirilen gözleglerde Messina bogazynda (Sisiliýanyň kenarýakasynda) dünýäde deňiz hapalarynyň iň ýokary jemlenen ýeri anyklanyldy. Alymlar şeýle açyşlaryň adamlary daşky gurşawa goramaga, esasanam plastikanyň zyňylmagyny azaltmak üçin has giňişleýin tagalla etmäge itergi bermelidigini belleýärler.


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.7k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......