Altynyň bahasy rekord derejäni täzeläp, bir unsiýa üçin 3000 dollara ýetdi

  • 14.03.2025 15:04
  • 5.5k+

Aprel aýyndaky satuw bilen altyn üçin fýuçersiň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýa (takmynan, 31,1 gram) üçin 3000 dollar belligine ýetdi. Muny Comex söwda biržasynyň maglumatlary delillendirýär.

Altynyň bahasy 14-nji marta geçilýän gije iň ýokary derejäni täzeledi. 9:31-e çenli (Aşgabat wagty bilen) altyn üçin fýuçersiň bahasy bir unsiýa üçin 3005 dollara ýetdi, şondan soň pese düşdi. Habar ýazylan wagty altyn 2998 dollar derejesinde satylýar.
Gymmat bahaly metalyň bahasy amerikan fond bazarynyň pese gaçmagy esasynda ýokarlandy. Soňky bir aýda S&P 500 fond indeksi tas 10% pese gaçdy, soňky bir hepdede bolsa (7 – 13-nji mart) indeks 4,3% pese düşdi.
Bütindünýä altyn geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda altynyň bahasy 40 gezek rekordy täzeledi. 

düýn 22:17
939

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
2k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
3.7k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....