Samsung eplenýän modeller we Galaxy S23 üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

  • 14.03.2025 17:07
  • 3.1k+

Samsung mart aýynyň howsuzlyk täzelenmesini çykardy. Galaxy S24 hatary üçin mart patçi çykandan soň, täzelenmäni Galaxy S23 hatary – S23, S23 Plus we S23 Ultra modelleri hem aldy. Şeýle-de, bu täzelenmä soňky üç nesliň Galaxy Z Flip we Z Fold  smartfonlary eýe boldy.

Her bir model üçin gurnama belgileri şeýle görnüşde:

  • ·Galaxy Z Fold 6: F956NKSS2AYBD;
  • ·Galaxy Z Flip 6: F741NKSS2AYBD;
  • ·Galaxy Z Fold 5: F946NKSS5DYBD;
  • ·Galaxy Z Flip 5: F731NKSS5DYBE;
  • ·Galaxy Z Flip 4: F721NKSS6GYBE;
  • ·Galaxy Z Fold 4: F936NKSS6GYBD;
  • ·Galaxy S23: S911USQS6CYB3;
  • ·Galaxy S23 Plus: S916USQS6CYB3;
  • ·Galaxy S23 Ultra: S918USQS6CYB3.

Eplenýän modeller Z Flip we Z Fold üçin täzelenme eýýäm Samsung-yň içerki bazarynda, Günorta Koreýada elýeterli. Galaxy S23 üçin bolsa täze programma üpjünçiligi häzirlikçe diňe ABŞ-da smartfonlaryň operator wersiýalary üçin elýeterlidir.
Täzelenmäniň esasynda duran fewral aýyndaky patç 58 gowşaklygy aradan aýyrýar: olardan 51-isi Android-e (Google-dan), ýedisi Samsung-dan One UI interfeýsine degişli.


05.02.2026 13:09
4.4k+

Samsung kamerasynyň we zumuň täze mümkinçiliklerini görkezdi. Ähtimal, bular Galaxy S26 modellerinde bolar

​Samsung kompaniýasy Groove, Glow we Closer atly gysga wideolaryň tapgyryny neşir etdi. Resmi taýdan bu diňe tehnologiýalaryň görkezilişi bolsa-da, iş ýüzünde bu Galaxy-nyň geljekki neslinde ulanyjylara nämeleriň garaşýandygyna gytaklaýyn yşaratdyr...

29.01.2026 09:59
3.6k+

Samsung Galaxy S21, S21+ we S21 Ultra megerem, soňky howpsuzlyk täzelenmesini aldy

Samsung kompaniýasy Galaxy S21 seriýasy üçin 2026-njy ýylyň ýanwar aýyndaky howpsuzlyk täzelenmesini ýaýratmaga başlady. Bu täzelenme, öň yglan edilen goldawyň çäginde Galaxy S21, Galaxy S21+ we Galaxy S21 Ultra modelleri üçin iň soňky resmi täzelenme bolmagy mümkin...

23.01.2026 20:06
6.6k+

Samsung Galaxy S26 Ultra nähili bolar? Çaklanýan dizaýny, tehniki tarapy we bahasy

Samsung kompaniýasy 2026-njy ýylyň gyşynyň ahyrynda görkezilmegine garaşylýan Galaxy S26 Ultra flagman smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, enjam 25-nji fewralda San-Fransiskoda geçiriljek Galaxy Unpacked çäresinde görkeziler, global satuwa bolsa 11-nji martda çykarylar...

18.01.2026 23:38
2.5k+

Samsung ähli ulanyjylary üçin Windows brauzeriniň beta wersiýasyny açýar

Samsung ähli Windows ulanyjylary üçin Samsung Internet brauzeriniň beta wersiýasyny açdy. Mundan ozal bu mümkinçiligi ulanmaga diňe Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň Samsung işläp düzüji hasaby bolan ýaşaýjylary synanyşyp bilýärdiler...