Xiaomi 120W zarýad berijili we OLED ekranly Premium planşetini çykarar

  • 14.03.2025 06:02
  • 1.3k+

Xiaomi ultra çalt zarýadly planşetiň üstünde işleýär.

Syzdyrylan maglumatlara görä, enjam Redmi K80 Pro smartfonynyňka meňzeş adapter we kabel alar, bu enjama iň ýokary 120 Wt güýçli zarýad bermäge mümkinçilik berer. Bu diňe 67W-y goldaýan Pad 6 Max bilen deňeşdirilende ep-esli öňe gidişlikdir.
25032RP42C belgili model Hytaýyň 3C düzgünleşdiriji tarapyndan tassyklandy. Resminamalar planşetiň Xiaomi-niň çalt zarýad beriş standartlaryna laýyk gelýän 20 V-a we 6 ampere çenli zarýad alyp biljekdigini tassyklaýar.
Planşetde 10 000 mAh akkumulýator we Pad seriýasy üçin ilkinji 14 dýuýmlyk uly OLED ekrany bolar. Hünärmenler täze önümiň premium segmentine girip, 2025-nji ýylda bazara çykjakdygyna ynanýarlar. Ol kompaniýanyň taryhynda iň güýçli we funksional  bolmagy wada berýär, bahasy hem onuň häsiýetnamasyna laýyk bolsa gerek. Xiaomi MWC 2025-de Pad 7-ni we Pad 7 Pro -ny eýýäm görkezdi, ýöne görnüşi ýaly, bu planşet aýratyn işläp taýýarlama bolmaly.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...