Täzelenen Chevrolet Trax 2025 täze stili we E85-e gabat gelýän hereketlendirijini aldy

  • 14.03.2025 05:56
  • 1.9k+

Chevrolet Trax-iň ikinji nesli möhüm üýtgeşmeler bilen 2025-nji ýyla aýak basýar. Subkompakt krossoweriň kuzowynyň reňkleri, içki bezegi täzelendi we häzirki wagtda benzin bilen etanolyň garyndysyndan  durýan E85 ýangyjyna laýyk gelýän hereketlendirijini aldy.

Bahalar birneme galdy: 1LS baza wersiýasynyň bahasy 21 795 dollardan başlaýar, 1RS we 1LT bezeg görnüşleri degişlilikde 23 795 dollar we 23 995 dollar, iň ýokary derejeli 2RS we Activ bolsa 25,795 dollar durýar. Bu geçen ýylky görnüşleriniň bahasyndan birnäçe ýüz dollar gymmatdyr.
Kuzowyň reňk palitrasyna täzeden seredildi. Kaýen-narynç metallik, mawy-metallik, gök-ýaşyl we bürünç hasyl reňkler sanawdan aýryldy. Olaryň deregine çal-ýaşyl we deňiz gök metallik hödürlenýär.
Indi gara interýerli we Artemis aksentli gyzyl metallik eksterýerli, şeýle hem gyzyl öwüşginli ýaşyl Cacti Green eksterýerli salon hödürlenmeýär.
Esasy täzelik kapotyň aşagyndadyr. Turbo görnüşli 1,2 litrlik I3 LIH hereketlendirijisi ornuny täze I3 LBP-ä berdi. Kuwwaty öňküligine galdy - 137 at güýji we 162 funt-fut tork. Ýöne indi Trax-y gibrid ýangyjynda işlemäge ukyply ulaga öwürýän E85 ýangyjyna laýyk gelýär. Önümçilik Günorta Koreýanyň Çhanwonedäki GM zawodynda dowam edýär. Awtoulag öňküsi ýaly VSS-F platformasynda gurlupdyr.

22.06.2026 14:34
2.6k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....