Ýyrtyk futbolkalar we giň hudiler… Balenciaga güýz-gyş 2025 kolleksiýasyny görkezdi

  • 13.03.2025 21:31
  • 7.7k+

Dizaýner Demna Gwasaliýa Balenciaga-nyň täze güýz-gyş kolleksiýasyny görkezdi. Bu kolleksiýa onuň soňky on ýylda eden işleriniň beýany boldy diýip, «Vogue» neşiri ýazýar.

Dizaýner özüniň işini «„adaty“ egin-eşikleriň dürli görnüşlerini öwrenmek» diýip atlandyrdy. Daşary ýurtly bilermenleriň pikirine görä, ol «Balenciaga äleminde» döreden esasy egin-eşik kategoriýalaryny we stilleriň aýratynlyklaryny metodiki usulda ele aldy.
Kolleksiýanyň görkezilişi ofis stilindäki kostýumlar bilen başlady, olaryň käbiri häsiýetli «ýyrtyk» görnüşde taýýarlanylypdyr. Yzysüre işjeň egin çyzykly, denimden, deriden we dartylan trikotaždan bir düwmeli paltolar görkezildi.
Soň bolsa Gwasaliýanyň aýratyn nyşanyna öwrülen keşpler peýda boldy: ýyrtyk futbolkalar, «wampir» kardiganlar, giň hudiler, futuristik gara äýnekler, uzyn joraply aýakgaplar, deriden, ýüňden we düşek matasyndan tikilen halatlar hem-de köýnekler.
Kolleksiýa Puma bilen bilelikde taýýarlanylan, dar sport eşikleri bilen baýlaşdyryldy. Moda görkezilişi bolsa, Balenciaga brendiniň «olimpiýa» medallary bilen bezelen modeller bilen jemlendi.


11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....