Amerikada kebelekler ýitirim bolup başlady: näme bolýar?

  • 13.03.2025 23:00
  • 5.8k+

Täze geçirilen ylmy barlaglara görä, Amerikada kebelekleriň sany juda çalt azalýar. Munuň esasy sebäpleri – insektisidleriň giňden ulanylmagy, howanyň üýtgemegi we kebelekleriň ýaşaýan gurşawynyň tozmagy. «Phys.org» neşiriniň ýazmagyna görä, 2000-nji ýyldan bäri, bu owadan mör-möjekleriň sany 22% azaldy.

ABŞ-nyň 48 ştatynda geçirilen ilkinji giňişleýin ylmy gözlegleriň netijelerine görä, şu asyryň başyndan bäri, kebelekleriň sany her ýyl ortaça 1,3% azalýar. Şeýle-de hasabatlara görä, 114 görnüşiň sany barha çalt azalýar. Diňe 9 görnüşde, tersine, artyş bar.

«Biz soňky 20 ýyl bäri kebelekleriň sanynyň kemelişine syn edip gelýäris we munuň bes etjek alamaty ýok» — diýip, gözlegiň awtorlarynyň biri, Miçigan döwlet uniwersitetiniň entomology Nik Heddad belleýär.

Alymlar bu gözleg üçin, 35 dürli monitoringa esaslanýan 76 müň 957 hasabaty seljeripdirler. Bu seljeriş birnäçe onýyllyga degişli maglumatlary öz içine alýar. Jemi 12,6 million kebelek hasaba alyndy. Täze gözlegleriň birinde şa kebelekleriň sany aýratyn seljerildi, sebäbi olaryň federasiýa tarapyndan ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleriň sanawyna girizilmegi mümkin. Alnan soňky maglumatlara görä, şa kebelekleriň sany 10 müňden hem aşak düşüpdir. Bu bolsa 1997-nji ýyldaky görkezijiden (1,2 milliondan) juda pesdir.

«Gürrüň, bary-ýogy 30-40 ýylyň dowamynda yklymdaky kebelekleriň (we beýleki mör-möjekleriň) ýarysyny ýitirendigimiz barada gidýär!» — diýip, Konnektikut uniwersitetiniň entomology Dewid Wagner aladalanma bilen belleýär.

Bilermenleriň pikirine görä, kebelekleriň sanynyň azalyşy iň köp Günorta-Günbatar Amerikada bolup geçýär. Esasanam Arizona, Nýu-Meksiko, Tehas we Oklahoma ştatlarynda bu ýagdaý barha agyrlaşýar. Bu sebitlerde soňky 20 ýylyň dowamynda kebelekleriň sany iki esseden gowrak kemelipdir.
Hünärmenleriň pikirine görä, howanyň üýtgemegi, insektisidleriň ulanylmagy we ýaşaýyş gurşawlarynyň tozmagy bir-biri bilen baglanyşykly. Bu ýagdaýlar kebelekleriň sanyna oňaýsyz täsir ýetirýär. Amerikaly alymlaryň öňki gözleglerine görä, iň köp zyýan ýetirýän faktor insektisidlerdir.

«Bu geň zat däl, sebäbi biziň gözleglere başlanymyz bäri, insektisidleriň ulanylyş usuly ep-esli üýtgedi» — diýip, entomolog netije çykardy.


şu gün 00:57
2.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......