L’Oreal düzümindäki rak dörediji komponent sebäpli La Roche-Posay kosmetikasyny yzyna gaýtarýar

  • 13.03.2025 17:24
  • 4.6k+

Fransiýanyň L’Oreal kompaniýasy La Roche-Posay brendi bilen çykýan Effaclar Duo düwürtige garşy serişdesiniň tutuş toplumyny yzyna gaýtarýar. Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna görä, munuň sebäbi onuň düzüminde bakteriýalary öldürýän we düwürtiklere garşy göreşýän benzoil öteturşusynyň bolmagydyr.

Bir ýyl ozal garaşsyz Valisure barlaghanasy bu komponenti kremde tapdy, ýöne ABŞ-nyň Hil gözegçiligi edarasy bu şikaýata diňe häzir jogap berdi.
Howp käbir ýagdaýlarda benzoil öteturşusynyň dargap, benzoly emele getirip bilmeginden ybarat. Ol uly möçberde bolan ýagdaýynda leýkemiýany – ganyň düwnügini döredip bilýär.
L’Oreal-yň wekilleri barlaglarda benzolyň ýokary derejesiniň önümiň diňe bir toplumynda ýüze çykarylandygyny aýtdy. Kosmetika hatarynyň beýleki serişdeleriniň yzyna gaýtaryljakdygy ýa-da ýokdugy häzirlikçe habar berilmeýär.
Ýöne kompaniýa tiz wagtdan Effaclar Duo-nyň has kämilleşdirilen formulasynyň elýeterli boljakdygyny habar berdi, ol 2024-nji ýyldan bäri işlenip taýýarlanýar. 

şu gün 08:15
224

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....