ABŞ Älemiň döreýşini öwrenmek üçin SPHEREx teleskopyny uçurdy

  • 13.03.2025 17:19
  • 1.6k+

Kaliforniýada SPHEREx teleskopy bilen SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketa göterijisi uçuryldy. Obserwatoriýa Älemiň emele gelşiniň irki tapgyrlary barada maglumat ýygnar diýip, NBC News habar berýär.

SPHEREx kosmosyň döreýiş we özgeriş kartinasyny gaýtadan döretmek üçin asman jisimlerini we galaktikalary kartografirlemek üçin niýetlenendir. Bu uçuş inženerlere ulgamy goşmaça barlamaga mümkinçilik bermek üçin fewral aýynyň ahyryndan bäri birnäçe gezek yza süýşürildi.
Taslamanyň bahasy 488 mln dollara barabar. Teleskop 2,5 ýyl işläp, Älemiň kartasyny döreder. Ol Ýerden görüp bolmaýan infragyzyl şöhlä syn edip biler. Teleskopyň gurallary kosmosa 102 dürli reňkde ýa-da tolkun uzynlygynda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
SPHEREx bilen bilelikde orbita Gün täjini we Gün ýeliniň akymlaryny öwrenmek üçin niýetlenen PUNCH taslamasynyň dört hemrasy iberildi.


11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....