TikTok ene-atalara çagalaryň akkauntlaryny gözegçilikde saklamaga rugsat berdi

  • 13.03.2025 17:12
  • 4.4k+

TikTok ene-atalaryň gözegçiligi üçin täze funksiýalary goşdy. Indi ulular çagalaryň işjeňligine gözegçilik edip, çaganyň ýazylan akkauntlaryny yzarlap, onuň akkauntyna ýazylanlaryň profilini we çaganyň blokirlän adamlaryny görüp biler diýip, TechCrunch habar berýär.

Şeýle-de, programmanyň ulanylyş wagtyny çäklendirmäge mümkinçilik berýän Time Away funksiýasy peýda boldy. Ene-atalar, mysal üçin, mekdepde sapak wagty ýa-da gije wideolary görmegi gadagan etmegi sazlap biler.
Ýene bir täzelik, çaga haýsydyr bir wideony görüp, “nägilelik bildirmek” ýazgysyna basan ýagdaýynda, ene-atalara habarnamanyň gelmegidir. Bu funksiýa ýakyn aýlarda peýda bolar.
16 ýaşdan kiçi çagalar üçin TikTok programmany gije ýapmagy teklip edip başlar. Eger çaga ony 22:00-dan soň açsa, sosial ulgam rahatlandyryjy sazy aýtdyryp, dynç almagy maslahat berer.
TikTok täzelenmäniň ene-atalara çagalar bilen sanly howpsuzlyk barada gürleşmäge kömek etjekdigini aýdýar. Ýakyn wagtda dem alyş maşklary we meditasiýa funksiýasy hem peýda bolar, ol programma gije ulanylan ýagdaýynda işjeňleşdiriler.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.5k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......