Gawai adalarynda wulkan atylandaky lawa tornadosy wideo düşürildi. Ol nädip emele gelýär?

  • 13.03.2025 14:30
  • 4.3k+

Amerikaly Skott Malis geçen aý Gawai adalaryndaky (Ýuwaş ummany) Kilauea wulkanynyň atylan mahaly emele gelen «lawanadony», ýagny lawa tornadosyny wideo ýazga aldy diýip, «Daily Mail» neşiri habar berýär.

Malisiň wideo ýazgysynda wulkan krateriniň düýbünde gyzgyn lawanyň (magmanyň) möwjeýändigi we şol bir wagtda kiçijek girdabyň erän dag jynslarynyň üstünden aýlanyp geçýändigini görmek bolýar.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, şeýle hadysalar ergin magmanyň üstündäki howany gyzdyrmagy netijesinde ýüze çykýar. Aşa gyzan howa dykyzlygyny ýitirip, ýokaryk galýar. Eger şemalyň ugry we tizligi laýyk gelse, gyzgyn howa sütüni aýlanyp, tornadony emele getirip bilýär.

düýn 17:40
8.1k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

02.06.2026 20:28
7.4k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.2k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

01.06.2026 20:14
7.4k+

Mýanmadaky partlama netijesinde 50-ä golaý adam heläk boldy

Mýanmanyň demirgazyk-gündogaryndaky binalaryň birinde bolan güýçli partlama netijesinde 46 adam wepat boldy, olaryň alty sanysy çagalardyr. Şeýle hem ýene-de 74 adam şikes alyp, Namhkam okrugynyň hassahanasyna......