ASUS güýçli prosessorly we uly ekranly täze Vivobook 18 noutbugyny hödürledi

  • 13.03.2025 14:35
  • 1.1k+

ASUS kompaniýasy täze Vivobook 18 noutbugyny hödürledi. Ol 18,4 dýuýmlyk ekran we güýçli AMD Ryzen 7 8845HS prosessory bilen enjamlaşdyrylandyr.

Vivobook 18 AMD Ryzen 7 8845HS prosessory bilen işleýär – ol 5,1 GGs çenli takt ýygylygy bolan 8 ýadroly prosessordyr. Zen 4 arhitekturasyna esaslanýan prosessor, Radeon 780M integrirlenen grafikasy bilen enjamlaşdyrylan. Bu grafiki prosessor enjamyň iş hem-de multimediýa üçin ýokary öndürijilikli bolmagyny üpjün edýär.
Esasy wersiýa 16 GB operatiw ýady (RAM) öz içine alýar, ony 32 GB-a çenli giňeltmek mümkin. Içerki ýady 512 GB-lyk SSD PCIe 4.0 bolup, 1 TB SSD wersiýasy hem bar.
Bu noutbugyň esasy aýratynlygy – 18,4 dýuýmlyk 16:10 gatnaşygy bolan ekranydyr. IPS matrisasy 1920×1200 piksel durulygy, 144 Gs täzeleniş ýygylygyny we 300 nit ýagtylygy goldaýar. Şonuň üçin bu noutbuk grafikalar bilen işlemek, wideo redaktirlemek we mazmun görmek üçin örän amatlydyr.


Enjamyň ekrany «TÜV Rheinland» tarapyndan sertifikatlaşdyrylan, ýagny ol gözüň göreji üçin zyýanly bolan gök şöhläniň zyýanly täsirlerini peseldýär.
Ölçeglerine garamazdan, noutbuk örän ykjam – onuň korpusynyň galyňlygy 1,86 sm, agramy bolsa 2,6 kg. Dizaýny «Quiet Blue» (goýy gök) reňkde ýerine ýetirilen, şeýle-de ulanyjylar üçin amatly bolan ErgoSense klawiatura bilen enjamlaşdyrylan.
Vivobook 18 iki USB-C 3.2, iki USB-A 3.2, HDMI porty we 3,5 mm ses çykyşy bilen üpjün edilendir. DisplayPort Alt Mode we Power Delivery goldawy bar, bular daşarky monitorlary birikdirmäge we olara USB-C arkaly zarýad bermäge mümkinçilik berýär.
Batareýa tiz zarýad alşy goldaýar – 49 minutda 60% zarýad bilen üpjün edýär, bu bolsa noutbugy ýolda ulanmak üçin amatly edýär.
Täze Vivobook 18 noutbugyň bahasy 899 ýewrodan başlaýar.

şu gün 09:14
79

Spotify hyzmatyň 20 ýyllyk taryhynda iň meşhur aýdymçylaryň we albomlaryň sanawyny çap etdi

Spotify striming hyzmaty özüniň ýigrimi ýyllygynyň şanyna  platformanyň taryhyndaky iň meşhur artistleriň, aýdymlaryň, albomlaryň, podkastlaryň we audiokitaplaryň global reýtingini çap etdi....

düýn 16:05
3.9k+

«Günüň we Suwuň çagalary» türkmen filmi Astanadaky kinofestiwalyň baýragyny aldy

Türkmen režissýory Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi «Astana Eco Film Festival» kinofestiwalynda tomaşaçylaryň gyzyklanmasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu çäre......

düýn 13:51
2.1k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

düýn 13:48
9.1k+

Atlaryň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine «Toyota Fortuner» awtomobili berildi

«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, mele......