Rep ýerine ýetirijisi Doechii “Billboard” neşiri tarapyndan ýylyň zenany saýlandy

  • 13.03.2025 06:29
  • 1.7k+

Amerikaly rep ýerine ýetirijisi Doechii (hakyky ady – Jeýla Jaýmiýa Hikmon) Billboard neşiri tarapyndan ýylyň zenany diýlip ykrar edildi. Bu barada neşiriň saýtynda habar berilýär.

Doechii ilki “Parlak ýyldyz” baýragyna mynasyp bolup, soňra ýylyň zenany diýlip ykrar edilen üçünji artist boldy. Mundan öň şeýle üstünligi Ledi Gaga we Ariana Grande gazandy.
Baýrak aýdymça 29-njy martda Kaliforniýada geçiriljek dabarada gowşurylar. Ol bu tituly alan ikinji rep ýerine ýetirijisi bolar. Birinjisi 2020-nji ýylda Cardi B bolupdy.

“2023-nji ýylda “Parlak ýyldyz” baýragyny alandan soň, Doechii batyrgaý döredijiligi we ajaýyp zehini bilen aýdym-saz pudagynda çalt tanaldy. Žanrlary garyşdyrmak bilen, Doechii aýdym-saz pudagynda öňdebaryjy bolmagyň nämäni aňladýandygyny kesgitleýär” – diýip, Billboard-yň redaksion müdiri Hanna Karp belledi.

Ozal Billboard tarapyndan ýylyň zenanlary Teýlor Swift, Oliwiýa Rodrigo, Billi Aýliş, Selena Gomes we Madonna boldy. Doechii ýylyň iň gowy rep albomy üçin “Gremmi” baýragynyň hem eýesidir.

şu gün 08:15
224

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....