Mercedes-Benz ulagyň awtomatik dolandyrylýandygyny görkezmek üçin pöwrize çyralaryny ulanar

  • 12.03.2025 18:56
  • 6.7k+

Mercedes-Benz pöwrize reňkli marker çyralaryny ulanmak üçin ygtyýarnama alan ilkinji awtoöndüriji boldy. Çyralar beýleki sürüjilere, polisiýa işgärlerine we düzgünleşdiriji edaralara awtomobiliň awtomatizirlenen ýagdaýda dolandyrylýandygyny duýdurar.

Ygtyýarnama Germaniýada berildi we 2028-nji ýylyň iýul aýyna çenli hereket eder.
Pöwrize reňkli çyralar faralara, yzky fonarlara we aýnalardaky gapdal öwrüm görkezijilerine oturdylýar.
Bu reňk tötänleýin saýlanmady: ol ýolyşygynyň signallaryna meňzemeýär, aňsat kabul edilýär we dünýä ülňülerine eýýäm girizilen (SAE J3134, UNECE, China Compulsory Certification). Mercedes-Benz ony awtomatizirlenen dolandyryşyň halkara nyşanyna öwürmegi göz öňünde tutýar.
Ygtyýarnama häzirlikçe tejribe häsiýetli, ýöne onuň netijeleri şeýle ulgamlaryň mundan beýläkki düzgünleşdirilişine täsir edip biler. Şular ýaly synaglar eýýäm Newada we Kaliforniýa amerikan ştatlarynda geçirilýär.
Marker çyralary 2024-nji ýylda hödürlenen täzelenen DRIVE PILOT ulgamynda synagdan geçiriler. Ol ýoluň sag zolagynda awtonom režimde 95 km/sag çenli tizlik bilen hereket etmäge mümkinçilik berýär, bu hem ony tapgyrlaýyn çykarylýan awtomobilleriň arasynda 3-nji derejeli iň tiz ulgam edýär.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....