Imagine Dragons-yň aýdymy Intuitive Machines-iň şowsuz missiýasy bilen Aýda galdy

  • 12.03.2025 18:51
  • 3.8k+

Meşhur pop-rok topary Imagine Dragons-yň “Children of the Sky” aýdymy indi Aýyň üstünde ýatyr. Bu aýdym Bethesda studiýasynyň Starfield kosmiki oýny üçin kompozitor Inon Zur bilen bilelikde döredilipdi.

Aýdym Ýeriň tebigy hemrasyna Intuitive Machines hususy amerikan kompaniýasynyň Athena gonuş modulynyň bortunda iberildi, ýöne kompaniýa üçin eýýäm ikinji Aý missiýasy şowsuz tamamlandy. 7-nji martda modul kraterde meýilleşdirilmedik nokada gondy we gapdal ýykyldy. Gün batareýalary zarýad almak mümkinçiligini ýitirdi we sowuk temperatura akkumulýatorlary hatardan çykardy. Meýilnama görä, enjam Aýda on gün işlemelidi, ýöne missiýa möhletinden ir togtady.
“Children of the Sky” aýdymy modulyň bortundady. Aýdym Aý üçin maglumat merkezine Lonestar Data Holdings kompaniýasy tarapyndna ýüklendi. Ilkibaşda ol Aýdan Ýere, 400 müň km aralykdan ýaýlym bilen görkeziljek ilkinji aýdym bolar diýlip meýilleşdirilipdi. Ýöne modulyň energiýasynyň ýokdugy sebäpli bu pikiri iş ýüzüne geçirmek başartmady.
Şeýle-de bolsa, “Children of the Sky” Aýda saklanýan medeni obýektleriň özboluşly kolleksiýasynyň üstüni ýetirdi. Inon Zuryň aýtmagyna görä, bu eýýäm “ajaýyp üstünlik” hasaplanýar.
Belläp geçsek, 2024-nji ýylda Intuitive Machines kompaniýasynyň Odisseus Aý moduly Ýeriň hemrasyna Jimmi Hendriksiň, Bob Marliniň, Elwis Presliniň, Jenis Jopliniň, The Who-nyň we beýleki köp sanly sazandalaryň aýdymlarynyň sanly ýazgylaryny eltdi.


şu gün 11:02
270

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 22:53
6.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
2.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......