Amerikan biržasy Trampyň resessiýa barada aýdan sözlerinden soň aşa pese gaçdy

  • 12.03.2025 11:43
  • 6.7k+

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýurduň ykdysadyýetinde bolup biljek «geçiş döwri» hakyndaky beýannamasy ABŞ-nyň gazna biržasynda güýçli pese gaçyşa sebäp boldy diýip, «Bloomberg» we «Reuters» neşirleri habar berýär.

Tramp 9-njy martda Fox News-e beren interwýusynda, 2025-nji ýylda ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň resessiýa düşmek ähtimallygy baradaky soraga gönümel jogap bermän, diňe täze administrasiýanyň edýän hereketleriniň «örän giň gerimlidigini» belledi.
Bu sözlerden soň, 10-njy martdaky söwdalaryň netijesinde Nasdaq 100 görkezijisi 3,8% aşak gaçdy. Oňa girýän kompaniýalaryň umumy bazar bahasy bir trillion dollardan hem gowrak pese düşdi. Iň köp ýitgi çeken kompaniýalaryň biri Tesla bolup, onuň paýnamalary bir günde 15,4% arzanlady. Nvidia-nyň bahasy 5,1% pese gaçdy. Beýleki iri kompaniýalar (Alphabet, Amazon, Apple, Meta, Microsoft) hem şoňa golaý ýa-da ondan birneme azrak ýitgiler çekdi.
The Bell-iň analitikleri söwdagärleriň aladalarynyň Trampyň Kanadadan we Meksikadan getirilýän harytlara salgyt girizmek, şeýle-de Hytaý üçin salgytlary ýokarlandyrmak baradaky karary bilen baglanyşyklydygyny belleýärler. Peterson bütindünýä ykdysadyýet institutynyň çaklamalaryna görä, Trampyň import salgytlary her bir amerikalynyň ýyllyk çykdajysyny ortaça 1200 dollar artdyrar. Ýel uniwersitetiniň çaklamasyna görä bolsa, bu görkezijiniň 1600-2000 dollar aralygynda bolmagy mümkin.
Bu çaklamalara ABŞ-nyň söwda ministri Goward Lýutnik garşy çykýar. Ol resessiýanyň boljakdygyny ret edip, ABŞ-da daşary ýurt harytlarynyň gymmatlajakdygyny, emma içerki önümleriň bolsa arzanlajakdygyny aýdýar.


şu gün 10:04
4.2k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

düýn 13:44
3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

10.06.2026 17:29
11k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.3k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......