Redmi Turbo 4 Pro 1.5K ekrany, 7550mAh batareýany we Snapdragon 8s Elite-i alar

  • 11.03.2025 22:22
  • 5.3k+

Redmi ýakyn hepdelerde täze Turbo 4 Pro smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar. Experience More maglumat berijiniň berýän habaryna görä, enjam Qualcomm Snapdragon 8s Elite prosessoryny we 1.5K durulykly 6.8 dýuýmlyk tekiz OLED ekrany alar.

Öň ekranyň inçe çarçuwaly we täzeleniş tizligi 120 Hz bolan LTPS panelini aljakdygy habar berlipdi.
90 wattlyk çalt zarýad berijili 7550 mAh akkumulýator onuň awtonom işini üpjün ediler. Şeýle hem, smartfonda ekranyň aşagyndaky barmak yz skaneri, demir çarçuwa we aýna arka paneli bolar diýilýär.
Agramy 210g-dan gowrak bolan enjamyň IP68 / IP69 standarty boýunça suwdan we tozandan goragly bolmagyna garaşylýar.
Redmi Turbo 4 Pro aprel aýynda Hytaýda ilkinji gezek satuwa çykar we dünýä bazaryna bolsa Poco brendi astynda çykyp biler. Onuň bildirişinden soň Redmi Turbo 4-iň adaty wersiýasynyň bahalarynyň arzanlamagyna garaşylýar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...