Goal: Mohamed Salah “Altyn topa” esasy dalaşgär hasaplanýar

  • 11.03.2025 13:03
  • 4.6k+

Goal internet neşiri 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna dalaşgärleriň sanawyny hödürledi. Angliýanyň “Liwerpul” klubunyň müsürli futbolçysy Mohamed Salah bu baýraga esasy dalaşgär hasaplandy. Ikinji orunda Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Kilian Mbappe, üçünji orunda “Barselonanyň” oýunçysy Rafinýa ýerleşdi.
Goal boýunça esasy 10 dalaşgär şulardan ybarat:

  1. Mohamed Salah, “Liwerpul” (Angliýa);
  2. Kilian Mbappe, Madridiň “Realy” (Ispaniýa)
  3. Rafinýa Dias, “Barselona” (Ispaniýa);
  4. Lamin Ýamal, “Barselona” (Ispaniýa);
  5. Harri Keýn, “Bawariýa” (Germaniýa);
  6. Robert Lewandowskiý, “Barselona” (Ispaniýa);
  7. Winisius Žunior, Madridiň “Realy” (Ispaniýa);
  8. Jud Bellingem, Madridiň “Realy” (Ispaniýa);
  9. Jamal Musiala, “Bawariýa” (Germaniýa);
  10. Pedri, “Barselona” (Ispaniýa);

Häzirki möwsümde Salah ähli ýaryşlarda 41 oýna gatnaşyp, 32 gol geçirdi we 22 assist etdi. Onuň topary Angliýanyň çempionatynda birinji ýerde barýar.
2024-nji ýylda “Altyn top” baýragyny “Mançester Sitiniň” ýarymgoragçysy Rodri aldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 28-nji oktýabrda Parižde geçirildi.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......