Oleg Kononenko Russiýanyň I derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglandy

  • 11.03.2025 12:57
  • 6.9k+

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin kosmonawt Oleg Kononenkony I derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglady. RF-iň Prezidentiniň permany resmi hukuk maglumatlary portalynda ýerleşdirildi.

Kononenko “ekipažly kosmonawtikanyň ösmegine goşan goşandy we Halkara kosmos stansiýasynda uzak möhletli kosmos uçuşyny amala aşyrmakda görkezen edermenligi” üçin baýraga mynasyp boldy.
Kononenkonyň asly Türkmenistandan bolup, ýurduň Gahrymany adyna eýedir. Ol häzir iň tejribeli russiýaly kosmonawt. Ol 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2024-nji ýylyň sentýabry aralygynda bäşinji kosmos missiýasyny amala aşyryp, kosmosda 1 000 gün geçiren ilkinji adam boldy. Ýere gaýdyp gelenden soň, onuň uçuşynyň umumy dowamlylygy tas 1 111 gün boldy. 


22.06.2026 22:53
5.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
1.9k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......