Xiaomi 16 Pro 3D çap edilen metal çarçuwany alar

  • 11.03.2025 08:35
  • 3.6k+

2025-nji ýylyň ahyrynda çykmagyna garaşylýan Xiaomi 16 Pro-da 3D çap etmek arkaly döredilen demir çarçuwa bolar. Bu barada TF Securities International-yň  seljerijisi Min-Çi Kuo gürrüň berdi.

Xiaomi bu pikiri durmuşa geçirmek üçin hytaý öndürijisi Bright Laser Technologies bilen işleşýär.
3D çap etmek tehnologiýasyny ulanmaklyk smartfony has ýeňil eder we sowadyşyny gowulandyrar. Bu proses has uzak dowam eder we gymmada düşer. Ýöne Kuo innowasiýanyň üstünliginiň, Apple-iň MacBook-lary üçin CNC stanoklary ýaly, tendensiýa döredip biljekdigine ynanýar.
Şol bir wagtyň özünde, Xiaomi enjamlarynyp hataryny giňeldýär. Digital Chat Station insaýderi 3C kepilnama bazasyndaky üç sany täze önüm barada habar berdi: 90W zarýad berijili flagman (meger, Xiaomi 16 Pro), 120W zarýad berijili planşet we eSIM goldawly we 10W zarýad berijili akylly sagat.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...