Toyota bölek şaýlaryň ýetmezçiligi sebäpli ýene bir gurnama hataryny togtadýar

  • 11.03.2025 15:18
  • 5k+

Ýaponiýanyň Toyota Motor kompaniýasy ýakynda konsern üçin zerur şaýlary taýýarlaýan Chuo Spring kompaniýasynyň zawodynda bolan partlama sebäpli ýene bir gurnama hatarynyň işini togtatmaga mejbur bolýar. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi.

6-njy martda Aýti prefekturasyndaky zawodda senagat tozan ýygnaýjysynyň partlamasy bolup geçdi. Wakanyň netijesinde bir adam heläk boldy, ýene birnäçesi şikes aldy.
Zerur şaýlar bilen üpjünçiligiň kesilmegi sebäpli, ilkibaşda 10-njy martdan Aýti prefekturasyndaky iki kärhanada üç gurnama hataryny togtatmak kararyna gelindi. Ýöne soň kompaniýa Kiotodaky Toyota Probox ulaglarynyň çykarylýan kärhanasynda hem ýene bir gurnama hatarynyň işini togtatmaly boldy.  
Häzirlikçe kompaniýanyň bu gurnama hatarlaryny haçan gaýtadan işe girizjekdigi belli däl.
Belläp geçsek, 2023-nji ýylda hem bu zawodda partlama bolup geçdi, netijede bölek şaýlaryň ýetmezçiligi sebäpli Toyota 8 zawodda 13 gurnama hatarynyň işini togtatdy, işleriň gaýtadan dikeldilmegi üçn 10 gün gerek boldy.


düýn 09:33
5.5k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......