Kanadanyň bankynyň öňki başlygy Mark Karni ýurduň täze premýer-ministri bolar

  • şu gün 12:27
  • 1.2k+

Kanadanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Mark Karni häkimiýet başyndaky Liberal partiýanyň liderligine saýlandy. Ol ýakyn wagtda premýer-ministr wezipesine girişer we bu wezipedäki Jastin Trýudonyň ornuna geçer. Bu barada «Associated Press» habar berýär.

Häzirki premýer-ministr Jastin Trýudonyň toparyndan bolmadyk ýeke-täk dalaşgär bolan Karni, partiýanyň 150 müň agzasynyň arasynda geçirilen ses berişlikde 85,9% ses gazandy.
2015-nji ýyldan bäri premýer-ministr wezipesinde işläp gelýän Trýudo ýanwar aýynda wezipeden çekiljekdigini yglan edipdi. Trýudo Kanadanyň general-gubernatora resmi arza bilen ýüz tutandan soň, Karni wezipesine resmi taýdan girişer.
Karni 2008-2013-nji ýyllarda Kanadanyň Merkezi bankyna ýolbaşçylyk etdi, soňra 2020-nji ýyla çenli Angliýanyň bankynyň başlygy boldy. Ondan soň bolsa, Trýudonyň ykdysady meseleler boýunça geňeşçisi bolup işledi. Saýlawdan öňki çykyşlarynda Karni ilatyň orta gatlagy üçin salgytlary peseltmegi, goranyş üçin çykdajylary JIÖ-niň 2%-ine we ondan hem ýokary derejä ýetirmegi, şeýle-de ABŞ-dan getirilýän harytlara «dollara-dollar» ýörelgesi boýunça gümrük paçlaryny girizmegi wada berdi.


22.01.2025 14:13
3.2k+

Kanadanyň täze ilçisi Türkmenistanda işe başlady

21-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Kristofer Daggandan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň...

07.01.2025 12:43
5.7k+

Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trýudo wezipesinden gidýändigini mälim etdi

Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trýudo wezipesinden gidýändigini habar berdi. Partiýa täze lider saýlaýança, ol wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etdirer, bu birnäçe aý wagt alar diýip, Euronews habar...

01.07.2024 10:56
3.4k+

Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatoryny ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýurduň milli baýramy — Kanadanyň...

10.11.2023 13:51
2.7k+

Türkmensitan «G7» we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Merkezi Aziýanyň we «Uly ýediligiň» («G7») ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna onlaýn görnüşde gatnaşdy. 8-nji noýabrda geçirilen duşuşyga...