Bahalaryň birden ýokarlanmagy sebäpli dünýäde kofe söwdasy togtady diýen ýaly

  • 10.03.2025 11:32
  • 4.1k+

Dünýäde kofe söwdasy bütinleý durdy diýen ýaly. Söwdagärler we kofe gowrujylar, ICE biržasynda kofeniň arabika sortunyň fýuçersleriniň görlüp-eşidilmedik derejede - 70% ýokarlanandygy sebäpli, satyn almalaryny juda kemeltdiler diýip, Reuters habar berýär.

Bahalaryň rekord ýokarlanmagy esasanam Braziliýa ýaly kofe öndürýän sebitlerde kofe önümçiliginiň peselmegi bilen şertlendirilýär.
ABŞ-nyň Tehas ştatynda geçirilen Milli Kofe Assosiasiýasynyň gurultaýyna gatnaşyjylar bu ýagdaýa haýran galandyklaryny aýtdylar. Şeýlelikde, Elcafe-niň baş direktory Renan Çueýri kompaniýanyň ilkinji gezek mart aýyna çenli ýerlemegi meýilleşdiren harytlarynyň hemmesini satyp bilmändigini habar berdi.

"Adatça, bu wagta çenli ähli harydymyzy satyp gutarmalydyk, emma häzirlikçe önümiň 30%-inden hem az mukdary satyldy" - diýip belledi.

Käbir seljerijiler 2025-nji ýylyň ahyryna çenli arabikanyň bahasynyň 30% düşüp biljekdigini çaklaýarlar, sebäbi ýokary baha islegi çäklendirýär. Mundan başga-da, geljek ýyl Braziliýada kofe ekininiň has hasylly bolmagyna garaşylýar. Emma bahalar düýpli peselmez, şonuň üçin hem kofe pudagynda iş ýöredýänleriň köpüsi çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolar.
Dünýäde kofe sarp edijileriň iň uly bazary bolan ABŞ-daky kofe gowurmak boýunça iri kompaniýanyň ýolbaşçysy käbir müşderileriniň işini dowam etdirip biljeklerine ynamynyň ýokdugyny aýtdy. Supermarketler we ýöriteleşen dükanlar kofe öndürijileriň kesgitlän ýokary bahalaryndan nägiledigini aýdýarlar. Şu ýagdaýlaryň çäginde ABŞ-nyň käbir kofe dükanlarynda "diýseň erbet" gytçylygy görmek bolýar diýip, çeşme belleýär.

düýn 22:17
997

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
2k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
3.8k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....