Germaniýada auksionda dünýäde ilkinji şar şekilli ýazuw maşynkasy satylar

  • 10.03.2025 08:21
  • 6k+

2025-nji ýylyň 22-nji martynda Kýolndaky Breker auksionyna dünýäde ilkinji şar şekilli Malling Hansen Writing Ball ýazuw maşynkasynyň modeli çykarylar. Kolleksionerleriň bu özboluşly artefakt üçin ýiti göreş alyp barmagyna garaşylýar diýip, New Atlas ýazýar.

Bu maşynka 1867-nji ýylda daniýaly Rasmus Hansen tarapyndan döredildi. 35 sany saklanyp galan nusgadan diňe bäşisi şahsy elde saklanýar, bu hem auksiony aýratyn gyzykly edýär.
Ilkinji köpçülikleýin çykarylan özboluşly dizaýnly bu “ýazuw şary” elde ýazanyňdan has çalt çap etmäge mümkinçilik berýär: polat harplar syýa lentasy arkaly kagyza urulýar, kagyzly platforma bolsa awtomatik hereket edýär. Öz döwri üçin bu öňegidişlikli oýlap tapyşdy.
Bu maşyna beýik nemes filosofy Fridrih Nisşe hem aýratyn gyzyklanma bildirip, ondan işjeň peýdalanypdyr, bu hem onuň taryhy gymmatlygyny has artdyrýar. Häzirki günde bu dünýäniň iň seýrek we iň gymmat maşynkalarynyň biridir.
Apple-1-iň we Enigma maşynlarynyň satuwy bilen belli bolan Breker auksion öýi 2021-nji ýylda şeýle “şary” 170 000 ýewro satypdy – bu amerikaly ýazyjy Kormak Makkartä degişli bolan Lettera 32 Olivetti-den soň (rekord – 254 500 dollar) ikinji netijedir.


şu gün 08:15
224

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....