2030-njy ýyla çenli konsol oýunlary PK-dan öňe geçer, ýöne mobil oýunlar lider bolup galar

  • 10.03.2025 06:56
  • 2k+

2030-njy ýyla çenli konsol oýunlary meşhurlygy boýunça kompýuter oýunlaryndan öňe geçer, ýöne öňdebaryjylygy şonda-da mobil oýunlar saklar. Şeýle çaklamalar bilen InfotechLead saýtynyň analitikleri paýlaşdy.

Onýyllygyň ahyryna çenli konsol oýun bazary 52 mlrd dollardan 79 mlrd dollara çenli ösüp, PK-ny yzda galdyryp biler.

“Sony, Microsoft we Nintendo ýaly iri oýunçylar emeli aň, krossplatforma oýunlary we gibrid gurluşlar ýaly tehnologiýa üstünlikleriniň netijesinde konsol oýun bazaryny giňeltmegi işjeň dowam etdirýär” – diýip, neşir belleýär.

GlobalData-nyň uly analitigi Rupantar Guhanyň pikiriçe, konsol oýunlaryny ösdürmekde grafikany we howpsuzlygy kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän emeli aň esasy güýje öwrüler.
Technavio hasabatynda geýmingde EA bazarynyň 2029-njy ýyla çenli 27,47 mlrd dollara we 2032-nji ýyla çenli 154,3 mlrd dollara ýetjekdigi aýdylýar.
Eýýäm häzir personal kompýuterler üçin oýunlaryň satuwy pese gaçýar, konsol oýunlarynyňky bolsa, tersine, yzygiderli ýokarlanýar. Şeýle-de bolsa, mobil oýunlar henizem öňdebaryjylygy saklaýar, olaryň satuwyndan girdeji 2030-njy ýyla çenli 200 mlrd dollara ýetip biler.

şu gün 08:15
224

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....