Maserati islegiň pesdigi sebäpli MC20 Folgore elektrik superkaryndan ýüz öwürdi

  • düýn 22:47
  • 1.5k+

Italiýanyň Maserati brendi kuwwaty 1200 at güýjüne deň bolan MC20 Folgore elektrik superkarynyň taslamasyny ýatyrdy. Munuň sebäbi superkar segmentinde elektrik ulaglaryna bolan gyzyklanmanyň ýoklugy bilen bagly. Bu barada Maseratiniň Demirgazyk Ýewropadaky ýolbaşçysy Mariangela Del Wekkýo habar berdi.

Muňa derek kompaniýa V6 hereketlendirijili benzin bilen işleýän MC20 feýsliftinginde ünsi jemlär. Bu wersiýa 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda hödürlener.
Ilkibaşda MC20 Folgore doly elektrik önümçiligine geçmek üçin Dare Forward 2030 strategiýasynyň bir bölegi hökmünde meýilleşdirilipdi. Superkarda üç sany elektrik hereketlendirijisi we batareýa bolmalydy. Emma indi brendiň geljekde elektrikleşdiriljegi näbelli bolup galýar.
Nettuno-nyň 3,0 litrlik turbo görnüşli V6-sy bilen täzelenen MC20-nyň dizaýnynyň bamperler, faralar, içki böleginiň bezegi bilen üsti ýetiriler we podweskasynyň, tormozlarynyň ýa-da kuwwatynyň gowulaşmagy mümkin. Bu golaýda V8-e geçmeklik meýilleşdirilmeýär.
Maseratiniň karary, elektrik ulagy bazarynyň ösýändigine garamazdan, elektrik superkarlaryna bolan islegiň haýallaýandygyny görkezýär.


şu gün 06:49
32

BYD Tesla-ny içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglara garşy bile göreşmäge çagyrdy

Hytaýyň BYD awtoulag kompaniýasy Tesla-a elektromobilleri ösdürmek üçin tagallalary birleşdirmegi teklip etdi. Konserniň wise-prezidenti Stella Li Financial Times bilen söhbetdeşlikde iki kompaniýanyň hem global...

düýn 07:48
5.4k+

Täze çykan Toyota Bozhi 3X-e Hytaýda islegiň ýokary bolmagy zerarly sargyt ulgamy çökdi

Toyota Hytaýda Bozhi 3X (bZ3X) täze elektrokrossowerini çykardy. Bu model Toyota bilen GAC hytaý kompaniýasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäginde döredildi. Öňünden sargytlary kabul etmeklik geçen ýylyň ahyrynda...

düýn 07:30
2.4k+

Cadillac özüniň iň çalt elektrik awtoulagy bolan Lyriq-V 2026-ny görkezdi

General Motors Hytaýda 2026-njy ýylda öndürilen Cadillac Lyriq-V-ni hödürledi. Bu diňe bir V-Series-iň hataryndaky ilkinji elektrik awtoulagy bolman, eýsem, Tesla Model X Plaid-e we BMW iX M60-a garşy durmaga taýyn...

düýn 07:18
1.1k+

Volkswagen 20 müň ýewrodan ID. Every1 arzan elektrokarynyň nusgasyny görkezdi

Volkswagen geljekki arzan elektromobili bolan ID. Every1-iň nusgasyny görkezdi. Kiçi göwrümli we bäş gapyly bu model 250 kilometrlik ýol ätiýaçlygy bilen üpjün ediler hem-de 20 müň ýewrodan satuwa çykar diýip,...