Mekgejöwen çipsi auksionda 87 müň dollara satyldy. Onuň gymmaty nämede?

  • 09.03.2025 15:18
  • 6.2k+

Goldin auksion öýi «Flamin' Hot Cheeto» atly mekgejöwen çipsini 87 müň 840 dollara satdy diýip, «Associated Press» habar berýär. Çipsiň beýle gymmat bahadan satylmagynyň sebäbi – onuň meşhur animasion serialynyň gahrymany pokemon Çarizardyň şekilinde bolmagydyr.

Bu çips auksionda uly gyzyklanma döretdi – oňa 60 sany teklip berildi.
Uzynlygy 7,62 sm bolan çips, pokemon barada maglumat berýän karta berkidilip, açyk plastik gapda ýerleşdirildi. Ony «1st & Goal Collectibles» atly sport sowgatlyklary bilen meşgullanýan kompaniýa 2018-2022-nji ýyllaryň aralygynda tapyp, saklan eken.
Bu çips sosial torlarda geçen ýylyň ahyrynda uly meşhurlyk gazandy.
Pokemonlar – super ukyplary bolan gahrymanlardyr. 1997-2023-nji ýyllar aralygynda ýaýlyma berlen meşhur «Pokemon» anime-serialynyň baş gahrymanlary Eş Ketçum atly oglanjyk we onuň dosty pokemon Pikaçu bolupdy.
Pokemon franşizasy bilen baglanyşykly zatlar öňem auksionda örän ýokary bahalardan satylypdy. Mysal üçin, 2020-nji ýylda seýrek «Pikachu Illustrator» karty 250 müň dollara satylypdy. Bu karty pokemon gahrymanlarynyň dizaýneri Atsuko Nişida döredipdi. Olardan bary-ýogy 39 sanysy bardy we diňe 10 sanysy saklanyp galypdy. Bu kartlar 1998-nji ýylda «CoroCoro Comic» illustrasiýa bäsleşiginiň ýeňijilerine sylag hökmünde berlipdi.

şu gün 08:15
224

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....