Mart aýynda Redmi K80 Pro-nyň global wersiýasy tanyşdyrylar

  • 09.03.2025 21:17
  • 2.5k+

POCO kompaniýasy şu aýyň dowamynda POCO F7 Ultra modelini tanyşdyrar. Snapdragon 8 Elite çipseti, 16 GB operatiw ýady (RAM) bolan bu smartfon, 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Hytaýda tanyşdyrylan Redmi K80 Pro-nyň global wersiýasy bolar. Muny Geekbench AI-dan alnan maglumatlar (kody 24122RKC7G) subut edýär.

Enjam Android 15 operasion ulgamy bilen geler we 6,67 dýumlyk 2K OLED displeýi 120 Gs täzeleniş ýygylygyny üpjün eder. 6000 mA·sag sygymly batareýasy 120 Wt simli hem-de 50 Wt simsiz zarýad alşy goldar. Şeýle-de 512 GB-a çenli içerki ýady hödürlär.
F7 Ultra üç sany esasy kamera bilen gelýär: jikme-jik suratlar üçin OIS mümkinçilikli 50 MP sensor, 32 MP ultra giň burçly obýektiw we 2 esse optiki ýakynlaşdyryş (zoom) we durnuklaşdyryş ulgamy bilen 50 MP telefoto modul. Selfi üçin bolsa 20 MP kamera ýerleşdiriler, ol 4K wideo ýazga almaga ukyply bolar.
POCO F7 Ultra modeli F7 hatarynyň üçünji modeli bolar we ol esasy hem-de Pro wersiýalary bilen bilelikde çykarylar. POCO ilkinji gezek diňe iki enjam çykarmak däbine garşy gider.
POCO F7 Pro modeli bolsa, Redmi K80-iň esasyny miras alyp, Snapdragon 8 Gen3 çipset bilen gelmegi mümkin.
Esasy F7 bolsa biraz giç – 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Snapdragon 8s Elite bilen tanyşdyrylar.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...