“Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşan Ford GT rodsteri auksionda satylar

  • 09.03.2025 14:46
  • 3.4k+

Maý aýynyň ortalarynda Mecum auksion öýi 1964-1965-nji ýyllar aralygynda döredilen seýrek Ford GT40-y - GT / 109-yň prototipini auksiona çykarar. Bu rodster “Le-Manyň 24 sagadynda” ýaryşa gatnaşan bäş açyk GT-nyň içinde ýeke-täkdir. 2020-nji ýylda onuň bahasy 10 million dollar bolupdy, häzirki auksionda lotuň takyk bahasy entek yglan edilmedi.

Umuman alanyňda, Ford GT Competition-iň jemi 12 sany prototipini ýasady, olaryň bäşisi rodsterdi. Olaryň diňe ikisi biziň günlerimize gelip ýetdi, onsoňam GT / 109 “Le-Mana” Kerrol Şelbi bilen Ken Maýlzyň tejribesine esaslanyp taýýarlanypdy. 1965-nji ýylda Moris Trentinýan we Gi Ležýe ony Sarte trassasynda synagdan geçiripdiler, ýöne geçiriş gutusynyň näsazlygy sebäpli awtoulag 11-nji aýlawda hatardan çykypdy.
Abatlanandan soň GT / 109 Shelby-niň ammarynda, soňra Ford-da saklandy we 1968-nji ýylda ony kastomaýzer Din Jeffris satyn aldy. 2013-nji ýyldan bäri rodster  Mecum auksionlaryny esaslandyryjy Dana Mekuma degişlidir. Ol ony 1965-nji ýyldaky asyl nusgasyndaky ýaly ýagdaýa, France of France liwreýli görnüşine getirip dikeltdi.
Ýene bir  GT40 1966 ýakynda auksionda 13,2 million dollara satyldy we bu model üçin rekord goýdy.


05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.6k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....