Christie’s auksion öýi diňe emeli aň (EA) arkaly döredilen sungat eserleriniň satylan ilkinji auksionyny geçirdi. Netijeler birsydyrgyn bolmady. Auksion öýüniň bu tejribäni ýene gaýtalap-gaýtalamajagy heniz belli däl.
Onlaýn söwda 14 gün dowam etdi. Hödürlenen 34 lotuň 14-si ýa alyjy tapmady ýa-da Christie’s tarapyndan kesgitlenen iň pes bahadan arzan satyldy.
Iň gymmat lot Refik Anadoluň «Machine Hallucinations—ISS Dreams—A» atly animasiýa eseri boldy, ol 277 müň 200 dollara satyldy. Bu eser Halkara kosmos stansiýasyndan (MKS) we emeli hemralardan alnan suratlaryň 1,2 million sanysynyň esasynda döredildi.
Amerikan suratkeşi Pindar Wan Arman tarapyndan döredilen «Emerging Faces» atly eser esasy işleriň biri hasaplanýardy, emma hiç hili teklip almady. Kompýuter sungatynyň pioneri Çarlz Suri tarapyndan döredilen surat bolsa bary-ýogy 50 müň 400 dollara satyldy, bu bolsa başlangyç bahadan pesdi. Jemi satuwyň möçberi 728 müň 784 dollar boldy.
Christie’s geçirilen auksionyň eserleri hödürlenen awtorlaryň ähmiýetini subut edendigini aýtdy. Emma belläp geçsek, bu waka hakyky «janly» suratkeşlerde nägilelik döretdi: 6500 töweregi suratkeş auksiony ýatyrmagy talap edip petisiýa gol çekdi. Olaryň aýtmagyna görä, EA modelleri ozal awtorlyk hukugy bilen goralan eserleri rugsatsyz ulanmakda aýyplanýardy. Olar bu auksiony adaty suratkeşleriň eserleriniň köpçülikleýin ogrulygyndan peýdalanmak synanyşygy diýip hasaplaýarlar.