Barselonadaky sergide pişikler we itler üçin dünýäde ilkinji smartfon hödürlendi

  • 09.03.2025 06:15
  • 3.3k+

uCloudlink  kompaniýasy Barselonada geçirilen MWC 2025 tehnologiýa sergisinde öý haýwanlary üçin dünýäde ilkinji smarfon bolan PetPhone-y hödürledi. Emeli aňly bu enjam hojaýynlara öz haýwanlary bilen aragatnaşyk saklamaga, olaryň ýagdaýyna we howpsuzlygyna gözegçilik etmäge kömek edýär.

Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, smartfon haýwanlara hereketleriň we ses buýruklarynyň kömegi bilen özbaşdak jaň etmäge mümkinçilik berýär.
Ol boýna dakylyp, işjeňlik derejesini yzarlaýar we öý haýwanynyň saglygyna gözegçilik edýär. PetPhone ýerleşýän ýeri kesgitlemegiň alty tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan bolup, öý haýwanlary has uzaga giden wagty olaryň eýeleriniň derrew habarly bolmagyna mümkinçilik berýär.
Öý haýwanlaryny iş ýa-da okuw sebäpli uzak wagtlap ýeke goýup gidýän hojaýynlaryň arasynda bu smartfon uly islegden peýdalanar diýlip garaşylýar.
Smartfonyň satuwa çykjak möhleti we bahasy heniz yglan edilmedi.

şu gün 08:15
224

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....