«Emmi» baýragynyň nobatdaky gowşurylyş dabarasynyň senesi yglan edildi

  • 08.03.2025 17:53
  • 2.3k+

CBS teleýaýlymy «Emmi» baýragynyň 77-nji gowşurylyş dabarasynyň geçiriljek senesini mälim etdi. Dalaşgärleriň atlary 15-nji iýulda yglan ediler, baýrak gowşurylyş dabarasy bolsa 14-nji sentýabrda geçiriler diýip, «Variety» neşiri ýazýar.

Metbugatda baýragyň ugrunda bäsleşjek taslamalar eýýämden çaklanylyp başlandy. Olaryň arasynda «Biziňkilerden biri» (Одни из нас), «Bölüniş» (Разделение), «Ak Lotos» (Белый лотос), «Pingwin» (Пингвин), «Şakal güni» (День Шакала) ýaly seriallaryň täze möwsümleri bar.
Dabaranyň alyp baryjysy entek belli däl. Dabara 2024-nji ýylyň 1-nji iýuny bilen 2025-nji ýylyň 31-nji maýy aralygynda ýaýlyma berilen-beriljek ähli teleproýektler gatnaşyp biler.
Geçen gezekki «Emmi» baýragy «Sýogunyň» (Сёгун), «Hileleriň» (Хитрости) we «Sugun çagasynyň» (Оленёнок) ýeňişleri bilen tamamlanypdy.

şu gün 08:15
224

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....