On milliard ýylyň dowamynda diňe bir sekunt ýalňyşýan sagat satuwa çykaryldy

  • 08.03.2025 08:43
  • 7.5k+

Ýaponiýanyň Kioto şäherinde ýerleşýän, laboratoriýa enjamlaryny we ölçeg gurallaryny öndürýän «Shimadzu Corporation» kompaniýasy, wagtyň takyklygyny «on milliard ýylyň dowamynda diňe bir sekunt ýalňyşlyk» bilen görkezip bilýän sagady 3,3 million dollardan satuwa çykardy diýip, «Bloomberg» neşiri ýazýar.

Stronsiýaly optiki gözenekli sagat öz görnüşinde açyk satuwa çykarylan ilkinji model bolup durýar. Ol Tokio uniwersiteti we Riken ylmy barlag instituty bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Enjam häzirki wagtda, sekunt ölçeg birligini kesgitleýän seziý atom sagatlaryndan, takmynan, ýüz esse has takykdyr.
Ýakyn wagtda 150 ýyllygyny bellän Shimadzu kompaniýasy, Ýaponiýany ylmy ösüşde we öňdebaryjy tehnologiýalarda dünýä liderine öwürmegi maksat edinýändiklerini belläp geçýär.
Kompaniýa 5-nji martdan başlap sagatlaryň satuwyna girişer we üç ýylyň dowamynda Ýaponiýada hem-de daşary ýurtlarda jemi 10 sanysyny satmagy meýilleşdirýär. Öndüriji bu sagatlaryň öňdebaryjy ylmy gözlegler üçin ulanylmagyna garaşýar. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, mundan hem takyk sagatlary işläp düzmek üçin barlag işlerine dowam edilýär.
Iň takyk sagatlar dünýäde 1950-nji ýyllarda peýda bolup başlapdy. Olar takyklygy üpjün etmek üçin −273°C derejä (absolýut nola) çenli sowadylan seziý atomlary bilen işleýär. Seziýniň atomy täze energiýa derejesine geçende, elektromagnit şöhlelenmesini öndürýär ýa-da siňdirýär. Şol geçişleriň ýygylygy sagadyň wagtyny kesgitlemek üçin ulanylýar. Atom sagatlarynyň takyklygy 300 million ýylyň dowamynda diňe 1 sekunt ýalňyşlyk bilen çäklenýär.
Häzirki wagta çenli döredilen iň takyk sagat ABŞ-da öndürilen Quantum Logic Clock atom sagatlary diýlip hasaplanylýardy. «Bathys Hawaii» amerikan kompaniýasy 2013-nji ýylda gaz halyndaky seziý-133 elementi bilen doldurylan kapsulaly atom bilezik sagatlaryny hödürläpdi.


düýn 22:13
3.2k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......