Google "Android 16-ny" iýun aýynda çykarmagy meýilleşdirýär

  • 07.03.2025 17:42
  • 1.8k+

Şu ýyl Android 16-nyň çykyşy adatdakysyndan ir, ýagny iýun aýynda bolup geçer. Bu barada Google Android Ecosystem bölüminiň prezidenti Samir Samadyň MWC 2025 sergisinde eden beýanatyna salgylanyp, «Android Police» habar berýär.

Android-iň täze wersiýalary soňky ýyllarda awgust ýa-da ondanam giç çykýardy. Köplenç, bu Pixel flagman smartfonlarynyň satuwa çykmagy bilen gabat getirilýärdi. Emma kompaniýa bu ýyl işläp düzüw prosesini täze we has täsirli «Trunk Stable» modeline geçirdi. Google häzirki Android wersiýalarynyň mümkinçiliklerini hem giňeldýär, şeýle-de esasy belgili wersiýalaryň çykmagy kompaniýa üçin indi öňküsinden has möhüm.

«Biz şu ýyl çykjak wersiýada nämeleriň bardygyny has aýdyň görkezmek üçin has köp işleri geçireris. Dünýäniň dürli künjeginde [Android-iň] çuňlugyna has gowy düşünmek isleýän birnäçe janköýerimiziň bardygyny bilýäris. Ulanyjylaryň köpüsi täze mümkinçilikleri has çalt almak we [Android-i] has ýygy-ýygydan täzeläp durmagymyzy isleýärler. Muny amala aşyrmak üçin biz Android-i modullara we komponentlere böldük. Operasion ulgamyň uly wersiýasy bilen girizilip bilinjek käbir düýpli üýtgeşmeler bar, ýöne biz Android-i şeýlebir dizaýn etdik welin, käbir komponentleriň ýygy-ýygydan täzelenmegini üpjün edip bilýäris. Täze aýratynlyklar peýda bolanda, biz hemişe olary ulanyjylara uly operasion ulgam çykanda berelimi ýa-da Android-iň çärýekleýin täzelenmeleri bilen berelimi diýen karara gelmeli bolýarys. Android wersiýalarynyň çykmagy boýunça biz ajaýyp seslenmeleri alýarys, sebäbi bu ulanyjylara telefonlarynyň hemişe özgerýändigini duýdurýar» — diýip, Samat aýtdy.

Häzirki wagtda Pixel smartfonlary üçin Android 16 Beta 2.1 elýeterli. Google kompaniýasy Android 16-nyň iň soňky wersiýasy barada has giňişleýin maglumatlary 20-nji maýda meýilleşdirilen Google I/O 2025 konferensiýasynda mälim eder.


22.04.2026 16:50
828

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......

07.04.2026 10:40
1.9k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.6k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......