Intuitive Machines-iň Athena moduly Aýa ýetdi, ýöne enjamyň nähili gonandygy belli däl

  • 07.03.2025 16:26
  • 2k+

Intuitive Machines kompaniýasynyň Athena kosmos enjamy Aýa gondy, ýöne onuň gonuşy barada jikme-jik maglumatlar heniz ýok. Gonuş 6-njy martda Aşgabat wagty bilen 22:31-de, hemranyň günorta polýusyndan, takmynan, 160 km uzaklykda, Mons Muton belentliginde bolup geçdi. Bu barada CBS News habar berýär.

62,5 mln dollarlyk IM-2 missiýasy 26-njy fewralda SpaceX Falcon 9 raketasynda ýola düşdi. Uçuşdan dört ýarym günden soň modul Aýa golaý orbita çykdy we aşak düşmäge başlady. 22:35-de kompaniýa modulyň hereketlendirijisiniň işlemegini bes edendigini habar berdi, ýöne onuň asuda gonandygy barada heniz resmi tassyklama ýok.
Enjam bilen aragatnaşyk saklanýar, onuň Gün batareýalary işleýär, bort kompýuteri bolsa buýrugy kabul edýär. Ýöne inersial ölçeg blogy (IMU) Athena-nyň, ähtimal, gapdal ýatandygyny görkezýär.


Uçuşlary dolandyryş merkezinde gonuş ýerinden suratlara garaşylýar.
Ýatlap geçsek, bir ýyl mundan ozal hem Intuitive Machines şeýle ýagdaýa düşüpdi. Kompaniýanyň ilkinji gonuş moduly Odysseus hem Aýa ýetdi, ýöne gonuş wagty ýykyldy. Kompaniýanyň resmi wekilleri heniz Athena bilen bagly ýagdaýa teswir bermedi. Metbugat maslahatynyň bolmagyna garaşylýar, ýöne onuň takyk wagty aýdylmady.


düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
3.7k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.9k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......