Dünýäde ilkinji iki “ganatly” dron döredildi: onuň agramy 250 gramma ýetenok

  • 07.03.2025 15:59
  • 5.6k+

Zero Zero Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji iki ganatly dron (bikopter) bolan V-Copter Falcon Mini-ni görkezdi. Onuň agramy 250 gramdan hem az.

Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, V harpy görnüşinde gurnalan iki propellerli dronyň gurluşy "ýyldyrym çaltlygyndaky tizlenmäni" we ykjam hereketi üpjün edýär. Howa akymyny sazlamak üçin dronyň perleri aşak egilýärler, bu bolsa takyk hereketleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Falcon Mini 3 okly durnuklaşdyrmasy bolan 4K kamerasy bilen üpjün edilendir. Dron 34 minuda çenli uçup bilýär we sessiz diýen ýaly hereket edýär. Şeýle hem ol serwohereketlendirijilerini ulanýar.


Bu dron Zero Zero Robotics-iň ilkinji goşa ganatly drony däldir. Hakyky V-Copter 2020-nji ýylda çykarylýar we onuň agramy 700 gramdan köp bolup, meşhurlyk gazanyp bilmeýär. Agramy bary-ýogy 250 gram bolan Falcon Mini ondan has özüne çekiji bolup biler.
Enjamda ösen režimleri (dikligine uçuş, ters öwrümleri ýerine ýetirmek) ulanmaga mümkinçilik berýän Reverse Flight Kit toplumy gurnalandyr.
Dronyň takyk bahalary we çykaryljak senesi entek yglan edilmedi.

şu gün 08:02
139

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
158

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

düýn 13:48
3k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......