GTA 5 Enhanced Edition şöhle yzarlaýyş, täze ýagtylandyryş, kölegeler we çalt ýükleniş bilen çykdy

  • 07.03.2025 06:50
  • 5k+

Rockstar Games GTA 5 oýnuna täzeden jan bermek kararyna geldi, onuň grafikasy we oýun prosesi ep-esli gowulandyryldy. GTA 5 Enhanced Edition 4-nji martda çykdy. Bu barada «Daily Express» habar berýär.

Rockstar Games-iň aýtmagyna görä, bu täzelenme häzirki oýunçylara GTA 5-iň şu günki gün iň gowy wersiýasyny hödürleýär.

«Bu täzelenme bilen PK wersiýasy PlayStation 5 we Xbox Series X/S-iň gowulaşan görnüşlerine ýeter» — diýip, öndüriji mälim etdi hem-de muşdaklaryna gowulanan wizual hil we öndürijilik boýunça kepil geçdi.

Iň möhüm aýratynlyklaryň biri bolsa, öňdebaryjy grafiki tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagydyr. Olaryň arasynda şöhle yzarlaýyş (ray tracing) tehnologiýasy bar, bu bolsa ýagtylyk we kölege täsirlerini has-da gowulandyrýar. Oýunçylar çalt ýüklenişden peýdalanyp bilerler hem-de AMD FSR1, FSR3 we NVIDIA DLSS 3 tehnologiýalarynyň goldawyny alarlar.
Mundan başga-da ultra-giň we örän ultra-giň ekran formatlarynyň goldawy, ýokary kadr ýygylygy, PlayStation 5 dolandyryjylary üçin adaptasiýa edilýän düwmeleriň işlemegi, şeýle hem Dolby Atmos tehnologiýasy bilen gowulanan ses ulgamy hem elýeterli bolar. Munuň netijesinde gepleşikleriň, ses ýazgylarynyň we sazlaryň takyklygy ýokarlandyryldy.
GTA 5 Enhanced Edition-iň ululygy 114 GB-dan 92 GB-a çenli azaldy.

şu gün 10:10
65

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
705

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......