1647 ýaşly arça agajy tapyldy. Ol Ýewropadaky iň gadymy agaç ösümligidir

  • 07.03.2025 06:33
  • 4.9k+

Russiýaly, daniýaly we italiýaly alymlaryň halkara topary Finlýandiýada Ýewropanyň iň gadymy agaç ösümligine öwrülen gurap galan arçany tapdy. Barlag gyrymsy agajyň 1464 ýyl - 260-njy ýyldan 1906-njy ýyla çenli ösendigini görkezdi diýip, The Scientific Naturalist žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.

Barlagçylar Grenlandiýadan başalp, Polýar Urala çenli dürli demirgazyk sebitlerinde adaty arçanyň nusgalaryny ýygnadylar. Ösümligiň ýaşyny şahalarynyň kesiklerindäki ýyllyk halkalary sanamak arkaly kesgitleýärdiler.
Jemi 2000 töweregi gyrymsy agaç öwrenildi. Islandiýadan we Farer adalaryndan başga köp ýerlerde arçalaryň 300 ýyldan gowrak ýaşaýandygy anyklandy. Megerem,  Islandiýada we Farer adalarynda olaryň kesilen bolmagy mümkin. Uralda arçanyň iň ýokary ýaşy 840 ýaş, Finlýandiýada bolsa 1000 ýaşdanam uly nusgalar tapyldy.
Alymlar howanyň üýtgemeginiň tundradaky arçalara ýaramaz täsir edýändigini bellediler. Soňky onýyllyklarda ýangyn we taýganyň ýaýramagy sebäpli, olaryň uzak ýaşamagy üçin şertler ýaramazlaşypdyr.


düýn 20:00
758

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
579

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......