Eýnşteýniň dilini çykaryp duran meşhur suraty 338 müň dollara satyldy

  • 06.03.2025 17:53
  • 11k+

Bostonyň seýrek golýazmalary we taryhy artefaktlary satmaklyga ýöriteleşen RR auksion öýi Albert Eýnşteýniň dilini çykaryp duran, goly çekilen suratyny 338 630 dollara satdy. RR-iň web sahypasynda aýdylyşyna görä, bu meşhur fotosuratyň dokuz sany gol çekilen görnüşiniň biridir.

Surat 1951-nji ýylyň 14-nji martynda United Press International-yň suratçysy Artur Sass tarapyndan Eýnşteýniň 72 ýaşynyň dolan güni düşürilipdir.

“Prinston klubunda geçirilen dabaraly agşamdan soň, Eýnşteýn öýüne gaýtmak üçin dostunyň ulagyna tarap barýarka onuň daşyny köp sanly suratçylar we habarçylar  gurşap alýar. Sassa oňa golaý barmak başardypdyr we ünsüni çekmek üçin: "Heý, professor, doglan günüňizde surata düşürer ýaly, ýylgyraýyň-da, hä?" diýip, gygyrypdyr. Şol pursat tutuş günläp kameralara ýylgyrmakdan bizar bolan Eýnşteýn dessine bärsine öwrülip, dilini çykarypdyr. Bagtyna, Sass pursady elden bermän, kameranyň düwmesine basyp ýetişipdir" - diýip, suratyň nähili peýda bolandygy barada auksion öýüniň web sahypasynda aýdylýar.

Gazetde suratyny gören fizik ony degişme bilen kabul edipdir we hatda ondan dokuz sanysyny çykarmagy sargyt edipdir. Olara gol çekip, dostlaryna paýlapdyr. Olaryň biri Germaniýadan ABŞ-a göçüp baran we Prinston uniwersitetinde fizik bilen bile işlän ykdysatçy Otto Natana berlipdir.


Suratda Eýnşteýn: “Bu yşarat diňe galan dünýä degişlidir. Siziň A. Eýnşteýniňiz 51".
955-nji ýylda alym ýogalandan soň, Natan suraty heýkeltaraş Margaret Sanderse beripdir. Soňra surat, auksiona çykarylýança, maşgalada saklanypdyr.
Mundan on ýyl gowrak ozal gol çekilen suratyň başga bir nusgasy 122,500 dollara satylypdy.
Şeýle-de bolsa, bu pul möçberini 2024-nji ýylda Christie's auksionynda Eýnşteýniň ABŞ-nyň prezidenti Franklin Ruzwelte Germaniýada ýadro ýaragyny döretmegiň howpludygy barada ýazan haty üçin tölenen 3,9 million dollar bilen deňeşdirip bolmaýar.

şu gün 10:10
65

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
705

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......