Samsung MWC 2025-de üýtgeşik eplenýän Asymmetric Flip smartfonyny görkezdi

  • 06.03.2025 17:45
  • 6.1k+

Mobile World Congress (MWC) 2025 tehnologiýa sergisinde Samsung kompaniýasy tejribe üçin döredilen özboluşly dizaýnly Asymmetric Flip eplenýän smartfonyny görkezdi.

Ol smartfonyň ýokarky we aşaky gyralaryndan dürli aralykda ýerleşen iki sany içine eplenýän şarnire eýe boldy. Bu onuň dizaýnyny täsin edýär: eplenen ýagdaýynda ekranyň bir bölegi açyk galýar. Şeýle seretseň, ol uky režiminde wagty we habarnamalary görkezip, Always-on Display ýaly işläp biler.


Smartfondan başga-da, Samsung ýene bir gurluşy – çeýe ekranly oýun konsolyny görkezdi. Daşky görnüşi boýunça ol Nintendo Switch-i ýada salýar, ýöne eplenýän mehanizmli. Konsepsiýa gyzykly görünýär, sebäbi ykjam format konsoly jübüde götermäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, heniz tehniki kemçilikler bar: ekrandaky epin we amatly bolmadyk inçe korpus.
Samsung häzirlikçe bu gurluşlary çykarmak meýilnamalaryny yglan etmedi, ýöne olaryň tanyşdyrylyşy kompaniýanyň eplenýän tehnologiýalary ösdürmäge ymtylýandygyny tassyklaýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...