A23a aýsbergi Günorta Georgiýa adasynyň golaýynda ýalpak ýere çökdi

  • 06.03.2025 17:41
  • 6.4k+

Agramy tas 1 trillion tonna bolan dünýäde iň uly we iň gadymy aýsberg A23a Günorta Georgiýa we Günorta Sandwiç adalaryndan uzak bolmadyk ýerde saýa batdy. Bu barada Britaniýanyň Antarktika gullugy (BAS) habar berdi.

Alymlar tiz wagtdan aýsbergiň ýyly umman akymlary sebäpli has ownuk böleklere bölünjekdigini aýdýar. Bu şol sebitdäki balykçylyk ýollaryna täsirini ýetirip biler, sebäbi ownuk buzlar tutuş aýsbergden has uly howp döredýär.
BAS-dan doktor Endrýu Meýer aýsbergiň bölünmeginiň daşky gurşawa täsir edip biljekdigini, sebäbi “onuň eremeginiň netijesinde çykýan iýmitlik maddalarynyň tutuş sebit ekoulgamy, şol sanda pingwinler we düwlenler üçin iýmitleriň elýeterliligini ýokarlandyryp biljekdigini”, ýöne bu täsiriň sähel boljakdygyny belledi.
Aýsberg A23a 1986-njy ýylda Filhner buzlugyndan bölünip aýryldy. Ol 30 ýyllap Ueddell deňzinde hereketsiz durdy, 2020-nji ýylda bolsa demirgazyga tarap hereket edip başlady. 

27.06.2026 20:17
6.5k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.7k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.8k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......