Kaliningradda ýaşy 50 mln ýyl bolan ýantardan taýýarlanan köýnek görkezildi

  • 06.03.2025 15:37
  • 10k+

Kaliningradda 50 mln ýyllyk ýantardan taýýarlanan köýnek hödürlendi. 2 kg agramly önüm Kaliningradyň ýantar kombinatynyň Ýantar moda öýüniň ussatlary tarapyndan taýýarlandy diýip, RBK habar berýär.

Köýnek gadymy flora we fauna böleklerini – agaç gabygynyň, gülleriň, topragyň bölejiklerini we beýleki mineral hem organiki bölekleri saklaýan 1260 sany dury ýantar plastinalaryndan ybarat. Bu elementler matanyň özboluşly nagşyny emele getirdi.
Birsydyrgyn reňk geçişini döretmek üçin ýantar ýörite peçlerde taplandy.


Önümi taýýarlamak üçin üç aý sarp edildi. Ilkibaşda zergärler ululygy 40x15 mm we galyňlygy 1 mm bolan plastinalary taýýarlady. Soňra tikinçiler olary inçejik sapagyň we ýörite egri iňňäniň kömegi bilen fatin esasyna berkitdi.

“Biziň ýantar köýnegimizde podiuma çykmak, gyzyl ýodalarda görünmek ýa-da dabaraly çärelerde ýaldyramak bolýar. Baltika ýantaryna bütin dünýäde uly isleg bildirilýär, şonuň üçin biz dizaýner eşiklerinde ýantaryň mümkinçiliklerini görkezip, onuň gymmatyny bilýänleri haýran galdyrmagy dowam etdireris” – diýip, kombinatyň zergär önümçiligi we täjirçilik işi boýunça baş müdiriniň orunbasary Maýýa Skworsowa belledi.

Şeýle-de, ýantar moda öýi 60 sany tejribe önümini hödürledi: bluzkalar, ýubkalar, penjekler we hatda ýantar nagyşly we mozaikaly jinsi. Kolleksiýa ýantar torba ýaly özboluşly aksessuarlary hem öz içine aldy.

şu gün 10:10
70

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
705

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......