Oksfordda Şekspiriň sonetiniň gizlin nusgasy tapyldy. Bu ýazyjynyň tapylan ikinji golýazmasy

  • 06.03.2025 14:41
  • 2.7k+

Oksford uniwersitetiniň işgäri XVII asyra degişli goşgular ýygyndysynyň arasynda Uilýam Şekspiriň 116-njy sonetiniň seýrek elde ýazylan nusgasyny tapdy. Bu barada uniwersitetiň resmi web sahypasynda habar berildi.

Bu gymmatly golýazmany Eşmol muzeýiniň esaslandyryjysy Elias Eşmola (1617-1692) degişli resminamalary öwreniji, iňlis dili boýunça alym doktor Liýa Weroneze ýüze çykardy. Bu eser Şekspiriň sonetiniň häzirki wagta çenli ýüze çykarylan elde ýazylan ikinji nusgasydyr.
Bilermenleriň pikirine görä, 116-njy sonet dürli şahyrlaryň eserleriniň ýygyndysynyň bir bölegi bolupdyr. Bu ýygyndyda ol Genri Louzyň sazandalygynda aýdym görnüşinde beýan edilipdir. Mundan başga-da sonete ýedi sany goşmaça setir goşulypdyr – bular aýdymy doly bentler bilen üpjün etmek üçin ýazylypdyr.
Barlagçylar XVII asyrda Angliýada bolup geçen raýatlyk urşy döwründe, bu goşmaça setirleriň eseriň syýasy mazmunyny güýçlendirmek üçin hem ulanylan bolmagynyň ähtimaldygyny belleýärler. Bu tapyndy Şekspiriň eserlerine dürli döwürlerde dürli-dürli garalandygyny görkezýär.

şu gün 10:10
65

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
705

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......