MWC 2025-de realme 14 Pro hameleon smartfonlarynyň global görnüşleri hödürlendi

  • 05.03.2025 18:42
  • 4.8k+

Barselonada dowam edýän MWC 2025 sergisinde realme kompaniýasy realme 14 Pro smartfonlarynyň global görnüşlerini hödürledi. Bu gurluşlar daşky gurşawyň temperaturasyna baglylykda reňkini üýtgedip bilýär.

Eger temperatura +16°C-dan pese düşse, smartfonyň yzky paneli reňkini dür ýaly akdan doýgun gök reňke üýtgedýär. Şeýle-de, berk wegan materialyndan döredilen çal zamşa görnüşi bar.
Uly model realme 14 Pro+ üç sany Sony datçikli we 3x ulaltma bilen periskopik linzaly flagman kameralar ulgamy bilen üpjün edildi. Smartfonda ýagtylygy we reňk temperaturasyny sazlaýan MagicGlow yşyklandyrmasy oturdyldy. Snapdragon 7s Gen 3 prosessory 5G toruny, 6000 mA/sag batareýasy bolsa 80 Wt çalt we 45 Wt simsiz zarýad berşi goldaýar.

Kiçi model realme 14 Pro Sony LYT-600 (50 Mp) modully kamera we MagicGlow yşyklandyryşyna eýe boldy. Bu ýerde MediaTek D7300 Energy prosessory gurnaldy, batareýa we zarýad beriş uly modeliňki bilen deňdir.
Kompaniýa realme 14 Pro hatarynyň takyk bahalary we elýeterliligi barada heniz habar bermedi. Hytaýda ol 2025-nji ýylyň başynda çykdy. Ol ýerde smartfonlar 12 GB / 256 Gb ýat görnüşi üçin 2599 ýuan (takmynan, $350) we 12 GB / 512 GB üçin 2799 ýuan ($380) bahadan satylýar.


şu gün 10:10
65

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
705

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......