Lenovo Günden zarýad alýan noutbugy döretdi

  • 05.03.2025 18:31
  • 2.2k+

Lenovo kompaniýasy Mobile World Congress sergisinde Yoga Solar PC konseptual noutbugyny görkezdi. Onuň gapagyna islendik ýagtylyk çeşmesinden, esasanam, Günden netijeli zarýad almaga mümkinçilik berýän Gün paneli oturdyldy.

Yoga Solar PC noutbugy Back Contact cell tehnologiýasy bilen 84 Gün elementinden ybarat ýagtylygy siňdiriji panel bilen enjamlaşdyryldy. Ähli montaž kronşteýnleri we öndürilen energiýany ýygnap, geçirýän elektrik kontaktlary Gün elementleriniň aňyrsynda ýerleşýär. Paneliň öň bölegi has köp ýagtylyk tutmaga ukyply bolup, energiýany üýtgetme koeffisiýentiniň 24% bolmagyna mümkinçilik berýär.
Kompaniýa göni Gün şöhleleriniň aşagynda 20 minut wagtyň bir sagatlap wideo görmek üçin ýeterlikdigini belleýär. Häzir gowşak ýagtylyk şertlerinde paneliň netijeliligi synagdan geçirilýär.
Noutbugyň galyňlygy 15 mm, agramy 1 kg töweregi bolup, 14 dýuýmlyk OLED displeýi bilen üpjün edildi. Ol 32 GB operatiw ýat we 1 TB SSD bilen Intel Lunar Lake prosessorynda işleýär. Şeýle-de, gurluş panel tarapyndan işlenýän toguň we naprýaženiýanyň derejesini görkezjek Lenovo Dynamic Solar Tracking programma üpjünçiligini alar. 

şu gün 10:10
65

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
705

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

düýn 22:32
2.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
2.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......