Poco M7 5G güýçli prosessory we uly batareýasy bilen 115 dollardan hödürlendi

  • 05.03.2025 06:42
  • 4.2k+

Xiaomi kompaniýasy täze Poco M7 5G smartfonyny hödürledi. 115 dollardan başlaýan bahasy bilen ol öz toparyndaky iň çalt enjam bolup durýar diýip, «Gizmochina» habar berýär.

Smartfon Snapdragon 4 Gen 2 prosessory bilen enjamlaşdyrylan. IPS ekrany 6,88 dýuýmlyk bolup, HD+ durulyga we 120 Gs täzeleniş ýygylygyna eýe. Enjam Android 14 esasly HyperOS interfeýsinde işleýär. Öndüriji Android täzelenmeleriniň iki ýyl, howpsuzlyk täzelenmeleriniň bolsa dört ýyl dowam etjekdigini wada berýär.
Poco M7 5G 5160 mA·sag sygymly batareýa bilen üpjün edilip, 18 Wt zarýad alşy goldaýar (bukjasyndan 33 Wt zarýad beriji çykýar).
Kameralary – 50 MP esasy kamera we 8 MP öňdäki kamera. Enjam IP52 standartyna laýyklykda goralýar.
Şeýle hem smartfonda gapdalky barmak yzy skaneri, USB-C porty we nauşnik üçin ýer bar.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...